Il alasy içinde

Seniň aýdan, diýenleriň polise,
köçä çyksaň urýan ýa-da talaýan,
ýa howpsuzlyk işgärine gerekli,
gerekli ol harbylara, buýrulsa,
ýa keýpine atýan başga pikirli,
gul bolmaga garşy bolan ynsany,
onuň çagyryşy kanuna, kada,
açyklyga, aýdyňlyga azda-kän,
kazylara, garalawça gerekli,
gerekli ol ministre, häkime,
ertir edenlerin egninde çekjek,
ýa-da çekjek çagalary yzynda,
sebäbi haksyzlyk sylamaz adam,
kim bolsaň bol, kimiň yzynda bukul,
o birini öldüreler zäherläp,
beýlekiniň özi öler çydaman,
emma millet toba etmez, dat, aman,
hemem seni ýigrener ol başyňy
etegiňe salsaň, sözüňi aýdyp,
aldyrsa-da agzyndaky aşyny,
islemez ol gitseň, gelmegiň gaýdyp,
nämemiş, boý-ini kiçeljek ýaly,
daşynda däl, iliň içinde aly.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024