Türkmençilik

Ýok, ol öldi, gürrüňini etmäli,
ýok, bu öljek, gürrüňini etmäli,
näme eden bolsa, geçeli, gitsin,
agyr hassa, derdi barmyş dermansyz,
üstesine, azda bolsa işi bar,
goşgy ýazdy, kyssa ýazdy, bilýärsiň,
ömür boýy urşa giren ýalydy,
ownadylar, çüprediler, näm etsin,
uruş döwri doglan, açlygy gören,
ýetimligi gören adamlar olar,
agalary, daýylary ganymyň,
ýa-da soňky bolşewigiň elinde,
biri-birin satdy, atdy at diýse,
ýok, agzama, arhiwleri açmaly,
iki adam galmaz gatnaşjak bilse,
soň öňküje ýagdaýymyz tapmarys,
atasy, babasy nämeler etdi,
ýa kimleriň töhmetiniň gurbany,
bilmesin adamlar, geçeni geçdi,
ýa bolmadyk ýaly bileli, dogan,
pany dünýe, geçirimli bolaly,
deň bolmaly, öldürseler öleli,
ikiýüzli, akyl berýär köpbilmiş,
hakykaty diňe açmaly ýarpy,
aýdyp azanyny birde-ýarymyň,
beýleki azana eliňi çarpyp,
agyrlaşýar, ýeňlemeýär bu durmuş,
çünki bilip, göz ýummaly, messepsiz,
bizi hak däl, dilli dilsizlik urmuş.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024