Sözüň azatlygyn isleýän adam

Sözüň azatlygyn isleýän adam,
ýa sylaýan adamlaryň hukugyn,
uly, kiçi, adam ornunda goýup,
ýüreginden, dil ujundan däl diňe,
aşaklykdan söze garşy göreşmez,
dogry bolsa, başga biri aýdanda,
sesini gataldyp, çarbaýlyk edip,
gygyrmaz ol özün gaçyryp elden,
käse ýaly, daşa degip döwülen,
sözüň azatlygyn sylaýan adam,
belki-de, manydan göwreli, basym
dogjak sözi garşylamaz çarşakly,
nöker turmaz nadaradan özüne,
köplük bolup, şere diräp arkasyn,
garalamaz, arza ýazmaz gol çekmän,
ýa ýazylan arzalary goldamaz,
şyltagyn goldamaz, kim bolsun atýan,
gözden düşen şer şalygyn, ýykyljak,
goramaz ol el-aýagyn ýitirip,
sözüň azatlygyn isleýän adam,
mal edinmez ulus-ili bakyljak,
şahyna kakyljak mälese, diýse
başgarajyk hakykaty, çekinmän,
sözüň azatlygyn goldamak çetin,
öz ýalňyşyň boýun alman, ökünmän.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024