Çykman çykan jan
Jelladyňa oda ýazmak, ýazmazlyk
nämä bagly, ýa-da nämä bagly däl?
Näme üçin adam egilýär aşak,
näme üçin galdyrýar ol başyny,
gutulmak üçinmi, ölmek üçinmi,
ýa-da sylmak üçin gözde ýaşyny,
çagasynyň, naçarynyň, gojanyň,
kesilere galman kellesi artyk,
bize, biziň tirämize näm boldy,
näme boldy taýpamyza, bitarap,
açyk gapy, hukuk döwletin gurýan,
çäre bolsa galman, gatnaşyp ýortup,
janly diwar bolup durmaga taýýar,
taýýar däl kim, näme diýmäge duşman,
iki-ýeke diýse, topulýan, urýan,
neden beýle ýakyşypdyr millete,
guly bolmak satlyk hanyň, soltanyň,
jelladyňy begendirmek, belki-de,
bagly çykman, birçak çykanna janyň.