Allany gorkuzanlar

Who will watch the watchers? Juvenal

Gözegçilik edýänlere,
saklaýana güman etse,
hakyn alyp goýberýäne,
äkidýäne elin baglap,
dilin baglap, dar ýerlerde
has ulurak urmak üçin,
gurmak üçin ýapyp daşdan,
gapysyny süýji dünýäň,
kesip suwdan, kesip aşdan,
daşyndan öň içi gülýän,
talap yzdan gelenini,
hemme bilýär, kimler olar,
näme edýär, kesbi näme,
ele düşse, garyp ýa baý,
kim sereder, soraýan ýok,
başgany däl, hatda özün,
çagasyny goraýan ýok,
ýa gorasa, aýalyny
öňe itýär erkek adam,
arza ýazyp, gol çek diýip,
hökümdara, bolan işi
barlat diýip adalatly,
çünki bilýär balyk mydam
başdan porsap başlap diýip,
gürrüň edýär ýerden ýörän,
ne alla bar, ne-de hudaý,
ýa-da gorkýar olar örän.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024