Syýasy tussagyň içgepletmesi

O birisi, halky talan,
ogul-gyzyn hem aýalyn
uly pully edip gitdi,
ýany bilen o dünýä-de
ep-esli pul alyp gitdi.

Bu birisi, şägirdi oň,
ogurlaýar doýup bilmän,
talanan il oda ýazyp,
aýdym aýdýar goýup bilmän,
açlygyndan ýykylýança,
iň esasy ýalançylyk,
ýaranjaňlyk boldy kada,
ugrun tapyp gazanmasaň,
gul bolmaly ýakyn, ýada,
emma ogry bolsaň gowy,
bolan bolup düzüw, sada,
türmede-de hor bolmarsyň,
adalata zar bolmarsyň,
dogrusyny aýdan ýaly,
utýar munda diňe kezzap,
batýar düzüw bolsaň salyň.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024