Olar we sen
Olar adam, seniň ýaly,
hemem senden başga örän,
gowy ýerde okan senden,
wagty bolan, bolan puly,
gowy bilýän başga dili,
hem öwrenen ýylgyrmagy,
seniň ýaly giden otlyň
kowalan däl yzyndan kän,
ýetjek bolup, tutjak bolup,
ýa ýoksula el uzadyp,
kösenen däl, ýalňyşan däl,
kömek, ýardam etjek bolup,
soň ýüzüne urjak gelip,
adamlara wagt ýitirmän,
ýaşap bilýän adam olar,
diýmek, senden has akylly,
eger-eger göçüp başy,
gymyldamaz ýagy çozsa,
ýa içinden dömse iliň,
derdi-bela, sowulmajak,
sowukganly ýylgyrarlar,
topugyndan bolmaz sili
bu dünýäniň, düşünseň soň,
olar adam, seniň ýaly,
ýöne biraz ýüreksiz, doň.