Gowak keseli
Gowagyň içinde galan, ölenden,
diri bolan bolsun tans edip, gülüp,
kine etme, gahar etme, özüne
garşy bolsa, ýa kast etse nesline,
gowakdan daşyna çykandan çekin,
o biriniň el bereni, goldany,
bu biriniň ýüp, merdiwan sallany,
niýetini düzetmese, dünýäni
gowakdan çykandan gabansa, gelip,
urjak bolsa salyp tapan daşyny,
düşünersiň eger gitmeseň ölüp,
gowak diňe gowakdaka gowak däl,
çykany-da saklar dar ýere salyp,
çykyp, çykman galsa gowakdan bende,
öz işini etmez, ýitirer wagtyn,
bolar ile belli bolan şermende.