Bahyllyk derdi
Ýurduňda däl, diňe köpläp,
ýat ilde-de işletjek däl,
bahyl süri, agyr hassa,
işe däl-de, gep-gybata,
gykylykda bolan ussat,
eli ýetse, urjak günde,
dili ýetse, durjak günde,
hem ýüzüňe, hem ýeňsäňe,
diýmedigiň diýdi diýip,
iýmedigiň iýdi diýip,
sada bolsaň, sylajak däl,
itjek, ýykjak, heläk etjek,
käşgä şeýdip gowulykda
bolsa diýýäň şeýle höçjet,
ýok, peslikde ýaryşar ol,
sagdan, soldan garyşar ol,
gözden düşer, bilmez emma,
men-men ili alyp ýatar,
alyp gaçyp güme, umma.