Mekdebiň günäsi
O gün biri internetde käýindi,
soň öwrendim diýdi durmuş dersini,
mysal üçin, hapa suwy tämizläp,
nädip içip bolýar uruş-gowgada,
dara-dirä, kyn ýagdaýa düşeňde,
ýa-da ýeriň bolsa el ýaly, uly,
öz iýjegiň nädip ekip, almaly,
ýa sepmeli ýere nädip tohumy,
nämejik ekmeli satyp iýmäge,
nädip bişirmeli naharyň özüň,
nädip düşürmeli gaharyň özüň,
ýa söýmeli, sylamaly adamy
nädip saýlamaly, nädip bilmeli,
nämä begenmeli begenen günüň,
nämä aglamaly, nämä gülmeli,
iň esasy, näme rahatlygyň,
näme seni gabahatdan goraýar,
näme itekleýär, pil berip posly,
gazar ýaly öz gabryňy öňünden,
içirip, göçürip, ýaryşa goşup,
näme seni alyp gaçýar özüňden,
ýa-da depeledýär döwlete, azan,
kanunlary başga, kadasy başga,
gul edinen adam baryn, boş gazan,
çemçe berip, gülmek üçin üstünden;
o gün biri bar barlykdan zeýrendi,
öwretmedi diýip irräk geregin,
ýok, özüni ýazgarmady, ejemiň
17 ýyl iýdim diýip çöregin...