Terror hakykaty
Terrorbaşy Ulýanowyň heýkeli,
bilinse-de indi gyran, ýok eden
daýhanlary, işçileri, ýüz müňläp,
aýallary bilen, çagasy bilen,
dur arkaýyn ortasynda şäheriň,
adamlar, döwülen, ezilen iliň
galan-gaçan nesilleri akylly,
eşidesi gelýän sözlerin aýdyp,
ertekisin diňläp soltanyň, hanyň,
ata-babasyna näme edilsin,
näme bolsa bolsun yzdan gelýäne,
bilmedik, görmedik, aňmadyk bolýar,
ýagdaýy ýok, belki, galdyryp başyn,
garamaga öňe, yza, hiç ýana,
öňki, soňky terrorbaşyň heýkeli,
haçana çen bize diýdirer jana?