Aralyk hakykaty
Adamlardan aralygy saklasaň,
ýamanlygy bilen ýagmalap, ezip,
bahyllygy bilen basmarlap bilmez,
ne ýazgarar, ne-de gülüp ýaňsylap,
gaharyň getirer, çökerer göwnüň,
saklap bilseň aralygy, adamlar
dirikä ýanyňda jan bermez, ölmez.
Saklap bilseň dostlar bilen arany,
duşman bilen saklaşyň dek aralyk,
ynanmasaň hiç syryňy hiç haçan,
ýa garşyňa ulanyljak armanyň
içiň döküp, gürrüň bermeseň, aşnaň,
kimdigin tanadyp birdänkä ertir,
belki, çykman garaşany, tamasy,
ýatdygyny aýdyp gitmez aç-açan.
Gaçarak dur köplüginden adamyň,
köp boldukça o diýilýän, bilýärsiň,
üstesine hersi osup özüne,
çeker, dartar, ýokuşdyrjak ýazygyn,
ýa basdyrjak hapasyna köwşüňi,
sen olaryň arasyndan yzyňa
has peselip, has yzgytsyz gelersiň,
gözüň açyp, has ýokaryk galmakdan,
beýgelmekden elli bizar, tersine,
aşak çekýän halka bolup boýnuňdan
daşlaryň agramyn, labyryn duýup,
gaçan ýaly düýbi deşik kersene.
Sen düşünjek bolma pul boljak bolýan,
adamlara kisesinde hemmäniň,
ýorma özüň, berip ähli güýjüni,
diňlesinler olar gürläniň sözün,
gep-gürrüňin kesmän, çaýyn sowadyp,
ýylgyrsynlar bir-birege ýalandan,
düşünen bolsunlar derdine kişiň,
ýakynsyrap, içden gyjaşyp dişin,
sen wagtyňy aýa, görmäge özüň,
seredip içine, törüne kalbyň,
eşitjek bol içden gelýän nalany,
saňa gerek mähelle däl azaşan,
gykylyk däl, başgarak zat halanyň,
ýaşadykça düşünersiň, peýda ýok,
näçe göz ýum ýa gujak aç ýalana,
çyplak pahyr, üstün örtüp başagaý,
bil baglama dost diýeniň baryna,
adamlardan aralygy sakla sen,
mätäç bolma tomus ýa gyş garyna.