Surat

Düşünmejek

Düşünmejek düşünmeýär,
düşündirsin durmuş, türme,
ýa ýat iller, ýeke, ýalňyz,
ýaşasyn ol garap daşyn,
müň pikire berip başyn,
näme boldy, näme boljak,
erksizligi ýüz elli ýyl,
garyplygy gözel iliň,
hem ruhy, hem-de maddy,
gulagynda uklap piliň,
düşünmeýän düşünmeýär,
düşündirjek bolýar özün,
derejesin açyp açyk,
telper bolsa, kim we näme,
gör hem gutul derrew gaçyp.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024