Surat

Ýazyjy we il

Elbetde, sen ýazýan bolsaň,
okalmagyn isleýänsiň,
diýýän bolsaň, aýdýan bolsaň,
diňlenmegin isleýänsiň,
eşitmegin adamlaryň,
aýdan sözüň boluşy dek,
bolsa bolsun ýaryşy boş,
galan ýaryn alar ýaly,
düşnerler ýaly edip,
aýlaw edip, göni aýdyp,
azap edip ýören dälsiň,
başga işiň bolman, belli,
emma millet okamasa,
diňlemese, wagty bolman,
ýa-da bolman islegi hiç,
ýa-da okap, düşünmese,
aňlamasa aýdan sözüň
manysyny elli-elli,
awy bolar ýaragsyzyň,
ýa ýaragly, ýüreksiz han
ezer ony tükeniksiz,
gaçjak bolsa, aýakda güýç,
bilde gurbat tapylmaz soň,
elbetde, sen ýazýan bolsaň,
okamagyn islänsiň oň.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024