Millet we minnet
Adam käte minnet edýär iline,
adamlara, nirä barýar, bilmeýän,
nirden geldi, pikiri etmejek,
ýol-ýodany soran ýaly özünden,
ýa bu ýumşy tabşyran dek, sen, garaz,
bu işleri gowy bilýärsiň diýip,
ýok, saňa ýüz tutan bolmady asla,
ýa soran bolmady diýip näderis,
sen edýärsiň näme etseň meýletin,
millet seni mejbur etmedi, walla,
ýa haýyş etmedi, pylany, pylan
ýere barsaň, dursaň peýdasy degjek,
ýa daş syňsaň pylan ýere ýaltanman,
diýmedi il-ulus, boýnuňa alsaň,
bize derek gürle, dilimiz kelte,
bize derek uzat, elimiz gysga,
diýmediler olar, diýmekçi-dä däl,
sebäbi öz işi, alada, gaýgy,
hemmesi birleşip, basypdyr aşak,
käte adam minnet edýär iline,
belki-de öz ýükün götermän, uşap
basylyp ýükünden, aşakdan galman,
menem käte minnet edýän ilime,
indi etsem, gaýdyp hiç alga almaň?!