Adam elegi
Garma-gürmelikde emelli bolan,
wezipeli, pully, gully işigi,
döwran süren iki günlük, tutulyp,
itilýänça aty aýlaw daşyna,
ömründe bir kitap gatyn açmadyk,
bilinmeýän ýaly düşen başyna,
ýa gaçan çukury, asmana bakyp,
pikir eder, bütin dünýä, adamzat,
bagtly boljak onuň atyny ýakyp,
ýa iým berip, torbasyny täzeläp,
okasaň kitap dek, gürlese adam,
oturan dek özün elekde eläp.