Hapa we sen
Нельзя требовать от грязи, чтобы она не была грязью. Антон Чехов
Batga batan ýa ýykylan kirşene,
adama eliňi uzadyp, galsa,
hapanyň içinden galdyryp bolar,
sabyn berip, suw akydyp eline,
kirli, çorly ellerini ýuwmaga,
üsti-başyn çalyşmaga, islese,
kömek edip bolar, ýagdaýyň bolsa,
başga işiň bolman başyňdan agdyk,
ýöne hapa, kir-kirşene durşuna
çümen bolsa adam meýletin, mejbur,
hemem hezil eden bolsa, ýürekden
dereje hasaplap gelen ýerini,
üstesine din-imanly, arassa
adamyň rolun oýnasa gülüp,
sen oňa uzakdan, sesiň gataldyp,
hapa diýip, nälet okap, müň ölüp,
hapalygyn goýdurmarsyň hiç haçan,
çünki hapa bolsa ýüregi, ynsan,
öwrenişen bolsa kire, kirşene,
seniň akyl, maslahatyň diňlemez,
eşitmez ol näçe gygyr ýa çygyr,
sen tigirli barýan bolsaň, öňüňde
hapa duran bolsa, her näçe sygyr,
azaryna bolmaz hapaçyl kişiň,
ýa sen durup, ony aýrarsyň ýoldan,
ýa sowuljak bolup, döwersiň dişiň.