Surat

Şahyr we döwür

Her döwür – bir döwür, şahyrlar dürli,
başga-başga bolýar zamana görä,
bar gaýgysy garny bolsa adamyň,
dogramadan doýurmadyň diýer ol,
baý bolsaň, beg bolsaň, adyň taryha
girer, galar, gysyklaryň sanynda,
beýlekisi waspyn eder jykyryň,
ýa ýamaly içmeginden zeýrener,
bit azaby bizar edip janyndan,
ýene biri oda ýazar jellada,
alan ýurduň gutly bolsun, pylany,
beýlekisi Lenin begiň adyny
çyzar, bozar, başgasyna düzeder,
maýmyn pahyr oýnajakmy erkine,
güni üçin özün dünýä göz eder.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024