Nakyl we akyl
Ýat illerde şa bolandan,
öz iliňde işsiz, gedaý,
dilegçi bol diýýär dana,
akylly ol, nakyllaryn
bilýär iliň, bilýär sanap,
mysal üçin, arpa ekip,
bugdaý oran bolmandyr hiç,
giden getir, oturanlar
nyrh soraman bilmändir hiç...
Doýmady ol, goýmady ol,
talap ili, daňyp elin,
duşak salyp aýagyna,
çykma diýip meniň çyzan
çyzygymdan, taýagyna,
türmesine daýandy kän,
ýalan söze söýendi kän,
din, imanly bolan boldy,
öljek hassa, gülen boldy,
jellatlary, ilden çykan,
hem howatyr edýär gaty:
alar dokan ýa-da okan.