Sen bilýärmiň
Sen bilýärmiň garaşmagyň
nämedigin bakyp gapa,
arkasyndan ýapylan bek,
açylmasy asan däl hiç,
seredersiň ir ertir, giç,
günortanlar, şol bir durşy,
hökümete bolsaň garşy,
halky ezýän, halamasaň,
ýa ýigrenseň ýigrenýäniň
aýdyp bolmaz eger-eger,
iller ýaly, iki ýüzli,
taýak görse, başyn eger,
aşak-aşak egilmeseň,
açylmajak, durjak baky,
demir gapa, gözli hemem
deşigi bar ortasynda,
çaý-naharyň berer ýaly,
aşhanasy gazamadyň
aladaňy edýär seniň,
ölmez-ödi iberip dur,
gözenekden jyklap güneş,
gögerçinler halyň sorar,
sen bilýärmiň garaşmagyň
nämedigin bakyp gapa,
döwlet duran arkasynda,
hiç bir sözi degmez ýapa,
eli ganly, dili ganly,
hemme bilýär, emma dymýar,
synlap, görüp dürresini,
sen kim, näme, bilýär iller,
gaçýar daşa, gelýär iller,
duzagyna hökümetiň,
ýeke goýup bilmän seni,
ýok, boşatjak bolup däl-de,
bagra basyp türmesini.