Gürleşmeseň
Eger goýsaň sanaşmagy,
ýa girmeseň hiç jedele,
çeke dursaň günbe-günden,
pikir eder adam gedem,
gömük bolsa çen-çakyňdan,
diýer, walla, çekinýärler,
ýa ýüzi, ýa sözi ýokdur
meniň bilen görüşmäge,
gürleşmäge erkek ýaly,
näme diýse diýsin, wagtyň
ýitirme sen ham-hyýaly,
ýa özünde gark bolany,
eliň berip, çykarmaga,
ýalpak suwdan, balygy ýok,
eger kesseň gürleşmegi,
hiç nadaraň şalygy ýok.