Öz-özüne salnan millet
Adamlary, häkim bolsaň, han bolsaň,
el-aýagyn daňyp, saklasaň baky,
gözlerini daňsaň, dyksaň gulagyn,
okatmasaň okajagyn erkana,
diňletmeseň diňlejegin, görkana
takyrlara çykarmasaň, at münüp,
aga-ýana gezip, görmese ýurdun,
ekip, iýjegini iýip bilmese,
tikip, geýjegini geýip bilmese,
toýuny tutmasa göwnüne görä,
ýasynda ses edip, bilmese aglap,
her gün ölse ardan jigerin daglap,
häkimi däl ozalbaşda, enteden,
dogan-gardaş, bir-birini ýigrener,
dosty-ýarlar ynanmazlar, arkadan
urmak bolup ädehedi, gylygy,
hem gynanar aman gutulsa pida,
öz-özüne salnan millet gutarar,
ýa ýaşajak bolar çykarman seda.