Iberilmedik hat
Seni ýadaw aýaklaryň götersin,
gezekleşdir hasa tutan elleriň,
hyk-çok etme, diýme ýoruldym, ardym,
pikir etme ölüm hakda, daş entek,
soň diýsinler, walla, dirikä bardy,
biridi ol başy belent ýaşanyň,
adam ýaly, işin edip, eselmän,
ýa peselmän peseldeniň öňünde,
gülme gaty, gülkiň tutsa, pakyrdap,
ýa bas aşak içden gelen agyny,
uzak ýaşa, geçip gitme tapyrdap.