Sergeý Taşewskiniň äheňinde

Ýaşasyn powestke, gaçgaklar bilen!

Kiçijik bir kagyz bölegi, emma
bir asyrlyk wagyz diwaryn ýykyp,
gara güýje, basyp alan, gul eden,
kaýyl adamlary arak başyndan,
böregiň başyndan turuzdy derrew,
ýok, onuň gerek däl gelip ýetmegi,
belli bolsa diňe bardygy heniz,
keýpini gaçyrýar erkek ugrunyň,
sowatly ýa, bolsun bisowat, nadan,
syýasatdan uzak durýan elmydam,
sebäbi nä, anyk ýazylan onda:
tamam boldy seniň şatlygyň munda!

Ýok, beýle täsirli, manyly sözi
hiç wagyzçy, syýsatçy, akyldar,
ýa-da şahyr, ýazar tapmandy entek,
uruş tapdy, ony ýekeje adam
ne eşitmek, ne okamak isleýär,
sebäbi ol TW-de ýa sosial
mediada suwy çykan tagam däl,
saňa gelýär, seniň adyňa göni,
görseň, garaňkyrap gözleriň öňi,
beýik bolmak öňki ýaly, eý, aman,
imperiýa bolmak düşmeýär ýada,
çagalary bilen, ýa-da bir özi,
ýaşamak isleýär, ölmek däl, adam.

Ýeriň ol ujuna gaçasy gelýär,
ol öňki duýgular, TW öňünde,
rahatlyk, yza alynýan ýerler,
owadan habarlar gutarýar birden,
passiwlik, agressiw, ýene nähili
pes gylyklar, gedemsilik, men-menlik
peselýär adamda, haýsy serhetde,
haýsy ýurtda janyň halas etmeli,
öň gülýärdi, öýkünýärdi agzyna,
süri-süri bolup gelýärler diýip,
indi baryp kimiň külün atmaly,
süpürmeli köçesini sübseläp,
öwrenmeli dillerini gullaryň,
azam bolsa, gazanmaly pullaryn.

Wah, powestke nämeleri diýdirmez,
jan gaýgysy nämeler iýdirmez,
goý, kim näme diýse diýsin yzyndan,
gaçýar adam, satyn alyp ýamandan,
gara başyn, başga zada garaman,
düşünýär ol ýurda gerek däl indi,
ýogsa ok öňüne sürmezdi süri,
mal edinip, gara güne bakylan,
diýibem gör bolmaz, ýa eýel-beýle,
goý, kim alsa alsyn, goluny çeksin,
imperiýaň güni bolanda öýle,
gorkusyndan, ýa aljyrap, umytda,
belki, gaýdyp geler ýeňip duşmany,
agyr günde taşlap bormy döwletiň,
ýaşap bormy ýoldaş edip puşmany.

Näme diýmez diwanynda oturan,
ýumşak bolsa, rahatlyk gürleder,
ýa gürleder gahar-gazap, kinesi,
goý, diýsinler birleşdirip milleti
proteste çykman gaçdy, gutuldy,
peýdasy nä, ýok edilseň, diýseler:
zulum öýün ýykjak bolup tutuldy...

Gep-gürrüň hiç, agzyboşlar gürlesin,
arzuw etsin jan gerekmi-pyçakda,
ozal uzak kurortlarda gülenler,
indi aglap ýa-da dymyp uçakda,
maşynly, motorly, tigirli ýa-da
aýakýalaň, gaýgy etmän yzyny,
bar barlygy, janyn gorap ganymyň
gara urşun goýup ýangyçsyz, etsiz,
edip bilse diňe gaçmaly daşa,
ýaşasyn powestke, ýaşasyn gaçgak,
özüň üçin ýaşa, ýurt üçin ýaşa!

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024