Surat

O bolar, bu bolar

Eger özüň gidip-gelseň ýurduňa,
eger özüň okuwyňy okasaň,
puluň bolsa, iýip-içseň isläniň,
kösenmeseň başgalar dek, köp asy,
eger özüň işiň etseň erkana,
para berip, tanyş bilen, beýleki,
garaz, güzeranyň aýlaýan bolsaň,
ýada düşmez başgalaryň hukugy,
ýada düşmez başdan-aýak bozulan
döwlet arabasy, jygyldap uzak,
basyp, mynjyradyp gelse-de ili,
ýöne özüň dadyp başlasaň şarpyk,
öňküligiň bolmaz, walla, birhili,
geliň, birleşeliň, eýle ýa beýle,
gürrüňjik edersiň, gökden düşen dek,
ýogsa pylan bolar, pismydan bolar,
bolan, boljak bilen gorkuzma halky,
bireýýäm, otuz ýyl görüp ýör olar.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024