Hanlar we ýaranjaňlar
Sen ýalňyşma hemme adam
il ýalydyr diýip hökman,
içinde bar başgalary,
iki-ýeke, ýumruk ýokman,
çekiç bilen sandal ara
döwülmedik, döwülmejek,
il egiler, eziler kän,
kän öwüler öwülmejek,
beýik diýip, diýip dana,
sen ýalňyşma, hantamadyr
diýip hemme haram hana,
biri bardyr, şondan hanlar
gypjyn-gypjyn, garanjaklar,
olar üçin hasap däldir
günün görýän ýaranjaklap.