Surat

Gerek bolsa

Ynan, külden ot dörärmiş,
ýalan diýme pikir etmän,
ýöne ýalyn bolmak üçin
ilki ýanýar, köýýär adam,
gara köýük edip için,
agyr ýeri şudur, belki,
çydamaly suwsuz, sölsüz,
kim ýanjakmyş peýwagtyna,
dünýe doly çeçek bolsa,
ýa bolmasa ýollarda daş,
dagdan inen togalanyp,
ulagyň bar, geçip bolmaz,
däli derýa, dolup daşan,
eňek basyp, içip bolmaz,
kenarynda içi çüýrän,
ýykylmaly derek bolsa,
ynan, turar ölen millet,
biler, özi gerek bolsa.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024