Akyl gedaýlygy
Goşgularyň, kyssalaryň okalman,
ýazan zadyň bilinmese, gynanma,
ýa olar erbetdir çen bilen çakdan,
ýa-da gaty gowy, gymmat zat ýaly,
tekjelerde geçmän duran asyrlap,
eli ýuka ýa-da bilimi ýuka,
düşünjesi ýuka, galyň ýüzleri,
hem azaşan adamlara ýetdirmez,
ikinjiden, okan, dokan az mydam,
arzançylyk gerek köplüge, ile,
mugt berseň-de okamaz kän jemagat,
hem hudaýdan akyl dilär, aň dilär.