Akylly kän

Akylly kän, dilli-de kän gürletseň,
ikiçäk ýa aşhanada, meýlisde,
emma meýdan başga gürrüň, mesele,
şeýle bolýar, meger, jemagat össe,
has sowatly bolsa öňki ýyllardan,
sen adamy aýyplama, aýypla,
adam senden aýyp tapar islese,
emma başga mesele däl ne diýse,
erbedi şu, millet özün pislese,
ýa kemakyl görse başga birinden,
ýa kemakyl bolan bolup oýnasa,
köpi gören, bilimli kän gürletseň,
ýöne azlyk diýýän biraz iş etsem.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024