Gahryman keseli
Elli ýaşan, altmyş ýaşan adamlar,
ýetmiş ýaşan, ýat illerde ýaş toýun
ýekelikde belläp, şükür etmeli,
yzda galan nä günleri gördi, wah,
birisi jaň edýär beýlekä solup,
saňa pylan diýdi pylany gülüp,
eýleki jaň edýär gijäniň ýary,
başgaň eli bilen almakçy aryn,
ynandyrýar: ýok, küşgürjek bolamok,
pylany seň ejeň, bajyň goýmady,
beýiklik ýok ýeri ownuklyk alýar,
diýdi-diýdi azalmaýar, bol bolýar.
Ýat illere zyňan ykbal utanýar,
ýol ýitiren utanmaýar, kineli,
aralyga tow düşüpdir, ozalky
ýegre dostlar satýar biri-birini,
baha kesmän, agramyny ölçemän,
eger bolsa, kädä gabap pirini,
düýbün deşip, taýmylyny batyrjak,
a soň işin bitiren dek, gahryman,
ýeke özi depä çykyp oturjak.