Taryhy pursat

Köp adam 24-nji fewralda näme bolanyna diňe 21-nji sentýabrdan soň düşündi. Lew Şlosberg

Köp adam düşündi bolsa-da birden
sekiz aýa ýetip-ýetmän güpürdi,
näme boldy aýagynda fewralyň,
biri eýle, biri beýle gep urdy,
akyl satýan mydam köp bolýar sözde,
işe gezek gelse, azalýar gürrüň,
ýöne birden, çakan ýaly ýyldyrym,
açylan kän boldy agyr ukudan,
gyşa galman, gutarmanka sentýabr,
sebäbi bilmezlik hatardy gaty,
bu, näme-de bolsa, gowy alamat,
ret edýär adam agaçdan aty,
iň bolmanda özi münüp, çapmagy,
ýogsa köplük, asyr geçsin ençeme,
biljek däldi nämeleriň bolanyn,
kimiň gelip gul edenin gylyçly,
ýa aňyny näme bilen alanyn.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024