Beýik bolmagyň syry

Adam aňyn aldyrypdyr araga,
adam aňyn aldyrypdyr tirýege,
edebi däl Pyragydan, Seýdiden,
bar buýsanjy Puşkin, Dantesiň dosty,
etek tapsa, aşagyna sümülip,
soňundan öwünýär, göýä jennetde
hüýr gyzlary guçan ýaly, gözleri
çylpyklap dur, suw görmändir golaýda,
ýada düşýär aýdan, diýen sözleri,
ölenden soň okap gördüm goşgusyn,
ýazypdyr men “hakyň sylany” diýip,
“beýik” diýip, bolýar ynanan bolsa,
giden bolsa halan penjegin geýip.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024