Girrigiň bagty
Ömür gysga, ähli etjek
işiň galýar ylgamasaň,
emma durup, çig süýt emen,
bolan bolup girrik, höçjet,
çem gelene pitjiň atjak,
uly boljak, kiçi däl hiç,
pikir etmän ir ýa-da giç,
artyk iýjek, eger bolsa,
artyk içjek, kän tapylsa,
bir söz diýseň gyrjak, atjak,
soň mejalsyz, galyp bilmän,
ylgajak däl, diňe ýatjak.