Al Paçinonyň äheňinde
Bilip bolmaz, gerek bolsam,
bolaryn men öňki ýerde,
şol ozalky, gerek dälkäm,
oturan ýa gezim eden
baglarymyň aşagynda,
tomus, yssy bolan çagy,
güýzde, sary ýaprak örten,
gyşda garly ýodalary
alyp galan aýk yzym,
bilýärsiňiz, o bagy siz,
ýöne dogry, höçjetlik bar,
bolar entek bahyllyk-da,
juda zerur bolmasam men,
azar bermäň, işim ýetik,
üstesine, siziň üçin,
bilemok men näme edip,
näme goýup bolar munda,
boljak işler boldy, oýnaň
utan bolup şum oýunda.