Surat

Welilikden öňki welilik

Akyl adam söz başlamaz “men” bile. Magtymguly

Men özümiň kimdigimi bilýärin,
nämedigim bilýärin men azajyk,
weli bolup bilmesem-de şu çaka,
bilýärin kim enem-atam, agalam,
urşa gidip, gelmese-de käbiri,
aňlaýaryn ýetmezlerim, gowulyk
etjek bolup kän ýälňyşdym, ýok haka,
ýaradana kän ýalbardym oturyp,
iň soňky it uklan wagty obada,
iň sak horaz gygyrmanka çylkasyz,
açyş edýän ýaly, şähere gelip,
gazana düşjegin oýlaman, bilmän,
men özümiň kimdigimi bilýärin,
ýalňyşmasam biri galjagyň ölmän.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024