Adyň çyksa
Adyň çyksa, ýagşylykda tanalsaň,
seni iliň iň arsyzy kelçikläp,
utandyrjak bolar uzak, ýakyndan,
tapylar, elbetde haýbat atan-da,
kowalan-da tapyrdadyp aýagyn,
näme diýmez adam, garaw görmese,
ýa-da döwmez süýr depäňde taýagyn,
bar arzuwy gitmek hendege itip,
itiň galar bir ýanyňda ýykylsaň,
emma dostlar, mätäç bolsaň, içirer
gara suwy aýagyndan aç itiň,
doňuz mydam depede bor, ulus-il
aglak bolsa, başga çäre gözlemez,
özi göwnäp, kilim bolar her mesä,
halysyny ýazyp hapa köwüşlä,
utançly utanyp, possunyn berer,
ölmejek bol çyplak, içiňden üşäp.