Nadanyň peýdasy
Şahyr mamla, ýaman zyýanly ile,
nadanyň peýdasy özüne degmez,
akyllydyr öz ýanyndan, okany,
bileni kän, göreni kän dünýede,
ýöne bilýänlerin aýdanda bethüý,
bahanany saýyp sebäpden artyk,
betsyýakly göçüm eder ýylgyryp,
kemakyl dek ulus-ili, milleti,
ýa çöp gözläp başgalaryň gözünden,
gizlän bolup içindäki minneti,
öz gözlerin agaç bilen gyrmalap,
garyp-gatar bolan bilen ýalany,
şahyr mamla, biakyla söz ýokmaz,
parlar otyr, özüniňki alany.