Duşman meselesi

Ogry, dogry, duşman görer hemmäni,
pikir eder ogurlarlar, talarlar
meniň azap edip ýygnan malymy,
mülkümi elimden alarlar hökman,
gep ýaýradar, gybat eder, ol pylan,
ýa beýleki örän erbet, men gowy,
diýer hemem kesek atar geçegçä,
ýa-da ata-baba goňşy-golama,
topular ol ýarag alyp eline,
ogry, nätsin, öz-özüne duşman bor,
diňe özi iýmek üçin dolama,
börek, manty, köşgi-eýwan içinde,
hüýr gyzlary ýygnap, şerap içende
pikir eder: görip, bahyl köpeldi,
a garyplar, talananlar, bilýär ol,
aç ýatýarlar günaşadan, belki-de,
geljegi bar, aljagy bar paýyny,
bu dawa nirede, haçan başlandy,
hiç bilýän ýok ýylyny ýa aýyny?

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024