Telewizor halky

Telewizor halky gowy ýaşaýar,
holodilnik, goý, boş bolsun hemişe,
eziz watan bolsa bolýar esasy,
aýdypdyr-a öň bir sowet şahyry,
“biz näm bolsak şo bolaly”, küteklik
“ähli ýitilikleň örküne agzy”
jonnuk palta bolup uranda näme,
uruş bolsa bolýar goňşy ülkede,
top atylýar, oba, şäherler ýanýar,
erkek, aýal, çaga, garrylar ölýär,
dyk gulagyň "Halas ediň!” sesine,
goý, dynç alsyn telewizor azajyk,
daşaryk çyk, seret ýyldyza, aýa,
şükür, biziň asmanymyz arassa,
kän däl, emma çörek tapdyrýar häli,
telewizor halky ümsüm ýaşaýar,
dymyşlygy bozsaň diýýär ol “däli”.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024