Düşünişmek kynçylygy

Nädip sözüň düşündirjek diwara,
heçjikle sen şol bir zady müň gezek,
diwar diwar bolar, sesin çykarmaz,
ne “hä” diýer, ne “ýok” diýer, garaňky,
aýly gije, aýsyz gije, ýa irden,
agşam ýatyp bilmän gelseň, käýinseň,
dymyp diňlär, belki, saňa geregi,
emma adam, dogan-gardaş, ildeşiň,
ýat illerde mysapyrdyr, ýalňyzdyr,
gara galybyna gapgarjak bolar,
gatyrganar dar gapydan girmeseň,
at dakan bor her hilije, kemsidip,
geň galarsyň, kimden doglan akyja,
gazap bilen syçrar, bilmersiň neden,
nädip sözüň düşündirjek ildeşe,
yza galan, okamadyk, ýa okap,
gaty öňe, daşa giden?

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024