O bir ýurtda
O bir ýurtda, bu bir ýurtda
aýal ýa gyz bolmak agyr,
sebäbi öý-işik işi,
mejburylyk edýär ýagyr,
ýöne, walla, hakykysy,
erkek bolmak agyr has-da,
sakgalyňy syryp terse,
ýaşmak ýaşyp, ýaşamaly,
ýa don geýip, telpek geýip,
selle orap ýaş başyňa,
ýalan sözläp gije-gündiz,
şer arkasyn gaşamaly;
o bir ýurtda, bu bir ýurtda,
çäre, ýowar gutarmaýar,
aç garnyňa bagtly bolup,
janly diwar bolup aýda,
gygyrmaly: Baky, şöhrat,
söz bermeli: Atman töhmet,
etmen gybat eger-eger,
döwlet sürse urşa, gowga,
özi bilýär gowy, meger,
goranmak däl, almak üçin
başgalaryň ýerin, ýurdun,
gitmeli sen gaçyp, göçüp,
ýa-da gündiz uwlap gurduň,
tanyş görüp gutulmaly,
gutulmaly para berip,
ýa-da jellat bolup ile,
satylana satylmaly.