Mugt depe

Albert aga Eýnşteýn aýdypdyr,
bu dünýäni bozup bilmez bozuklar,
elden gelenini edip, ylgaşlap,
emma bozar synlaýanlar bozugy,
gol gowşuryp, kowman kesekläp, daşlap.

Bu dünýäniň işi beýlemiş, beli,
ömür tanapyny keser hemmäniň,
Magtymgulam soň görüpdir, bilipdir,
uruş diňe eşit-de goý habar däl,
40 ýaraly, 30 esger ölüpdir...

Pikir etme, o başynda dünýäniň,
duýman durkaň geler, gapyň kakylar,
äkiderler hoşlaşdyrman, çagaňy
gaýdyp görüp-görmejegiň gümana,
dik depäňe çykaryber dagany.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024