Gözel il

Eger döwlet äri ili,
aldan bolsa birki gezek,
aýda-ýylda gepi, işi
aýry çyksa, bu bolýan zat,
bolar, belki, entejik kän,
ýöne sekiz günde dokuz,
ýa-da has kän aldasa ol,
kesbi-käri bolsa ýalan,
dünýä gülki bolsa galam
alan bolup, kitap ýazyp,
iki sözüň şermendesi,
dirikä däl, ölensoňam,
ýyllar geçip, aglasalar,
wah, gidi-dä diýse millet,
onda günä ýokdur, belki,
bar mesele gözel ilde.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024