Galmagalça
Sen söz bilen gykylygyň,
galmagalyň gürrüň bilen,
söhbet bilen sykylygyň
tapawudyn öwrenjek bol,
öwrenjek bol kimiň agzy
haýsy sözi aýdyp biler,
ejap eder haýsy gepden,
kimler gider saga çykyp,
kimler durar garap çepde,
kim gutular aman-esen,
päli düzüw, göwni ýaryk,
seniň üçin birdir, belki,
ýagşy, ýaman ýa aralyk,
ýöne birden kellagyry
peýda bolsa gök garalyp,
bulutlary bu durmuşyň,
pikir etme, ýagman geçer,
öwrenjek bol, awusyny
her kim özi guýnup içer.