Tagtdaky betbagt

Lukman bolup, dogry ýoda tapmadyk,
düzüw ýoda, uzak, belki, çarkandak,
jan deriňi dagda, düzde seçmeli,
geçen derýaň azap bilen geçmeli,
emma alyp çykjak ýollara ertir,
uly ýola, uly ile ýetirjek,
ile saglyk hem bereket getirjek,
özi üçin dogry ýoda tapmadyk,
egri-bugry, kelte ýodany saýlan,
hileli ýodany, ally ýodany,
emel bilen, mümkin, aňsat geçmeli,
başgalary uly ýola çykarmaz,
alkyş aýdyp, näçe etseň-de waspyn,
adam bolup, dogry ýoda tapmadyk,
aňsadyna bakyp, egilen aşak,
elin öpen öpmeliniň wagtynda,
a soň diýýän dyza çöküň öňümde,
betbagt öler, näçe gülsün tagtynda.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024