Utanç
Sözi ýalan, işi ýalan adamyň,
huşy ýalan, düýşi ýalan adamyň,
ýalan onuň aýdym-sazy, gazaly,
ýorumy, yrymy özüne görä,
basyp alan üçin ýazylsa oda,
adam çynyn aýdyp, ýaşap bilmeýär,
perwana dek urup özüni oda,
ýanmak onuň adaty däl, däbi däl,
ýöne ýanar ýykylanda ýalandan,
bil tutuşman, gorkup, howatyr edip,
güni üçin günüsiniň bäbegin
huwwalar ol, üwrär ýatyrjak bolup,
dini ýalan, ýalan onuň imany,
emma adam bolan bolar gomalyp,
bilinmeýän ýaly ýagdaýy, haly,
aýyby ýok pahyr, pukara bolsa,
şeýleräk bor iliň soltany, hany,
biler karam, haram oýun oýnasa,
emma adalatly diýseler, çyplak,
syrty açyk ýalan söze ynanar,
gyzyl donly ajyň ýetirip häsin,
öz-özüni oýnar gutarsa millet,
köp bolmaz, içinde utanar käsi.