Surat

Hudaýa garşy pitne

Kim öwretdi bu gylygy,
ugran ugruň berim bermek,
satyn almak gara başyň,
dawa bolsun ýa bolmasyn,
ýaýaplamak aşak-aşak,
geçjek bolmak ýok dek ýaşap,
ýüzüň, ýeňsäň des-deň edip,
ýolup bolsa ýolup diňe,
hakykatda hiç uly däl,
uly bolan bolup diňe,
bu bir däpmi ata-baba,
ýa ýürekde gasyn-gasyn,
gara gorkyň netijesi,
bir-biregi burça gabap,
bakan bolmak aňsadyna,
ýa kynçylyk döretmekmi,
ýetmez ýaly, ylgasa-da,
alla, hudaý hiç dadyňa?

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024