Milli dargursaklyk

Olar hiç bir meseläni,
ara alyp ilik-düwme,
maslahatyn edip bilmez,
biri gürlär, ýa ikisi,
üçünjisi makul biler,
dördünjisi çarpar elin,
ýalan-ýaşryk goldan bolup,
garşy çykan duşman bolar,
dönük bolar, bolar haýyn,
a mesele, düýnki gelin,
bolar ertir oral aýal,
golaýyna baryp bolmaz,
peýdasy çok senzuranyň,
ýok peýdasy açyklygyň,
dymdyrylan dymar agyr,
agzyn açan – boşan göle,
ýyky-ýumrar ýeten ýerin,
dili uzyn, sylagy az,
aralyk ýok, bolup bilmez,
şondan, meger, gülki dünýä,
bolup ýörler ölmez-gülmez.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024