Simone de Bewuaryň äheňinde

Eger zalym çäksiz goldaw tapmasa,
iş şärigi köpelmese ýyl-ýyldan,
urulýanyň, gyrylýanyň içinde,
diňe daşdan goldaw alyp ulalmaz,
güýçli bolmaz ezip garawsyz ili,
gürrüňsiz, haýyny köp bolsa içde,
büküler gitdikçe milletiň bili,
köpelmez, azalar başyn galdyran,
çapak çapmak bolar uly dereje,
näme diýip gygyrmagy öwredip,
çäreçisin bezäp getir her eje,
çagalykdan taýýar edip göreşe,
bolar ýaly soňra kiçi däl, uly
eger zalym soňsuz goldaw tapmasa,
bolar, ýöne beýle köp bolmaz puly.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024