Säher dogasy

Töhmet atyp, türmesine taşlaýan,
hem içerde, hem daşarda daşlaýan,
eline, diline geleni zyňyp,
ýa-da gara sanawyndan aýyrman,
gömjek bolýan hendeginde taryhyň,
işiňi, yhlasyň doglan ýurduňa
ýok etjek, adyňy öçürjek bolýan,
döwlet bilen, adam bilen deň etme,
bar bolsaň ýa galan bolsaň bir ýerde,
ýalan-ýaşryk hajylardan gizlenip,
ýa-da namaz okan bolup gomalýan,
soň adama nälet okaýan bilen,
goý, kim bolsa bolsun, özün sylaman,
özgeleri, mertebeli, sylagly,
ýa edenli görüp, çydap bilmeýän,
agzynda aş gatyklaýan är, aýal,
dünýäni alsa-da, deň etme, alla,
gora, sak dur men durýarkam ornumda,
ýok, durmasam, ýagyň öňüni alma.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024